Birini ýa-da bir zady tapmak üçin gözlemek; döwüşdirmek, sermeşdirmek.
Agtaran-tapar diýipdirler. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň gyzy)
Ol şol azajyk wagty hem halk peýdasy üçin ulanmak çäresini agtarýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Bir zadyň üstüni açmak üçin barlag geçirmek.
Arheologlar munuň ýaly gorganlaryň köpüsini gazyp agtardylar. (Gadymy dünýä taryhy)
Batyrgaý tejribäň şowly bolsun! Agtarsaň-taparsyň! (N. Jumaýew, Ak derek)
Könäni gozgamak, bir wagt bolup geçen gürrüňi gozgamak, ölçermek.