agras

  1. Sähelçe agyr gelýän, agyrrak bolan, agyrrak çykan.

  2. Salyhatly, edepli.

    • Ýigitleriň uzynak we agras biri stoluň başyndan turup, olara kömekleşdi. (M. Gorkiý, Ene)

    • Ol adam özüniň şeýle daýawlygy ýaly hem agrasdy. (H. Ysmaýylow, Iki atanyň ogly)

    • Wepanyň gapdalynda peýda bolan agaç et agras göwre-Sähetdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Agyrlyk bilen hereket edýän.

    • Onuň agras aýaklary, uly kellesi garyň üstünde ertiriň alasarmyklygynda öňküden-de ullakan ýaly bolup görünýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Ýuwaş eşidilýän, saldamly (ses hakda).

    • Gapynyň aňyrsynda agras aýak sesi eşidildi. (M. Gorkiý, Ene)

    • Işleýän maşynlaryň agras güwwüldisi eşidilýärdi.

  5. Göçme manyda Ýakymsyz, tutuk.

    • Ýaprakdan gül ysy gelmän, agras çygly bir ys Aýsoltanyň burnuna urdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)


Duş gelýän formalary
  • agrasam
  • agrasdan
  • agrasdy
  • agrasdyr
  • agrasja
  • agraslygy
  • agraslygynda
  • agraslygyň
  • agraslygyňy
  • agraslyk