agramlyk

Bir zadyň gyşarmazlygy üçin ýa-da deň agramlylygy saklamak üçin asylyp goýulýan zat, ýük, agyrlyk.

  • Gara öýe çöwşi etmeli, çuwaly gumdan dolduryp, tüýnük ýüpden agramlyk asyp goýmaly. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem agramlyk - agramlygy.


Duş gelýän formalary
  • agramlygy
  • agramlygynyň
  • agramlygyň
  • agramlykda
  • agramlykdaky
  • agramlykdan
  • agramlyklar
  • agramlyklary
  • agramlyklaryň