agdarmak işlik

[a:gdarmak]

  1. Birini ýa-da bir zady bir tarapyndan ikinji bir tarapyna ýa-da gapdalyna öwürmek.

    • Çagany iki ýanyna ýygy-ýygydan agdarmak gerek.

  2. Ýykmak, düşürmek.

    • Ol meni arkasyndan agdarmaga jan edip, birsyhly urunýardy. (M. Gorkiý, Ene)

    • Begenç, Annak maşyny agdarar öýdýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  3. Häkimiýet başlygyny, jemgyýetçilik gurluşyny üýtgetmek, öňki jemgyýetçilik düzgünini ýok edip, täze jemgyýetçilik düzgüni gurmak.

    • Bu, ak patyşany hem agdaryp gelen adam ahyry! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Yzyna gaýtaryp guýmak.

    • Pökgen öňünde goýlan çaýyny käsä guýup, bir-iki sapar agdardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ikinji käsäni çäýnege agdardym-da -- Siz kim bolarsyňyz? -- diýip soradym. («Tokmak» žurnaly)

  5. Ýer sürmek, ýer depmek.

    • Ýer-suwdan paý alan garyp ýoksullar, agdaryň, dönderiň, ýer-suw siziňki. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

    • Polat atly, ýer agdarýar tar-tarlap. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  6. Açyp gözden geçirmek, yzly-yzyna (sahypalaryny açmak).

    • Kitaby açyp, bir näçe sahypalaryny agdardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Baýram bu sahypany soňuna çenli okaman, ýene birnäçe sahypany agdardy. (N. Jumaýew, Ak derek)

  7. Aşagyny ýüzüne çykarmak, garmak.

    • Mähnet gazandaky palawy aşbaz kepje bilen agdardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Kepgir bilen palawy agdaryp, gazanyň agzyny ýapdy.

gözüňi agdaryp ýatmak

seret göz


Duş gelýän formalary
  • agdaran
  • agdaranda
  • agdarandygy
  • agdaranmyş
  • agdaransoň
  • agdarany
  • agdarar
  • agdararly
  • agdararyn
  • agdaraýmak
  • agdaraýmaly
  • agdardy
  • agdardy-da
  • agdardylar
  • agdardym
  • agdardym-da
  • agdarjak
  • agdarmaga
  • agdarmagy
  • agdarmagyň
  • agdarmak
  • agdarmakda
  • agdarmakdan
  • agdarmaklygy
  • agdarmaly
  • agdarmalydyr
  • agdarman
  • agdarmasaň
  • agdarsa
  • agdarsa-da
  • agdarsaň
  • agdarybam
  • agdaryp
  • agdarypdy
  • agdarypdyr
  • agdarypdyrlar
  • agdaryň
  • agdarýan
  • agdarýanlar
  • agdarýanlaryň
  • agdarýança
  • agdarýar
  • agdarýardym
  • agdarýarlar