Esasy düýbünden şaha aýrylyp ösýän köpýyllyk uly ösümlik.
Kenar boýundaky agaçlaryň ygşyldysynyň küýli owazyny sähra ýaýradýardy. (M. Gorkiý, Ene)
Agajyň erbedi soky bolar, adamyň erbedi-sopy. (nakyl)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem agaç - agajy.
seret etli
Bu adam otuz bäş ýaşlar çemeli, onuň agaç etli, agras bugdaýreňk ýüzi güne ýanypdyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)