[a:ga]
Özüňden uly erkek dogan ýa-da ata tarapyndan bolan erkek garyndaş.
Şondan soň Wepanyň agalary-da ony köteklemelerini goýdular. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Biri ini ýaly, birisi aga. (Mollamurt, Saýlanan eserler)
Ýaşuly adamlara ýüzlenilende ýa-da olara hormat goýlup aýdylýan söz.
Berdi aganyň ogluna Annaguly sölpi diýerdiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Hökümdar, häkim.