agşamlyk ag‧şam‧lyk

  1. Agşam, iňrik garalandan soň.

    • Siz ekskursiýadan agşamlyk geldiňizmi?

  2. Agşam nahary.

    • Onuň bilen agşamlyk edinmäge galandygyny aýtdy. (M. Ý. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany)

    • Agşamlyk nahary şonuň içindedi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem agşamlyk - agşamlygy.


Duş gelýän formalary
  • agşamlyga
  • agşamlygam
  • agşamlygy
  • agşamlygymyzam
  • agşamlygyny