agşam ag‧şam

  1. Günüň ýaşan çagy, sutkanyň gündiz gutaransoň gije bilen aralygyndaky wagt.

    • Nabat eje, agşam düşen badyna garaja öýüniň iki taý gabsasyny-da aýryp goýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Şatlygyny paýlaşmak üçin şol agşam direktoryň ýanyna gelip giden adamyň hetdi-hasaby ýokdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Orta bilimi bolsa men geçen ýyl aldym. Gündiz işläp, agşam okadym. (N. Jumaýew, Ak derek)

  2. Şol wagtda geçirilýän jemgyýetçilik ýygnanyşygy.

    • Edebiýat agşamy. Tans agşamy.

agşamyň haýyrly bolsun

Ýatmazdan öň birine ynjalykly ýatmagy arzuw edip aýdylýan aňlatma.

  • Agşamyň haýyrly bolsun, Sarykbaý! («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • agşama
  • agşamam
  • agşamda
  • agşamdaky
  • agşamdan
  • agşamlar
  • agşamlara
  • agşamlarda
  • agşamlardamy
  • agşamlary
  • agşamlaryna
  • agşamlarynda
  • agşamlaryndan
  • agşamlaryny
  • agşamlarynyň
  • agşamlaryň
  • agşamlyga
  • agşamlygam
  • agşamlygy
  • agşamlygymyzam
  • agşamlygyny
  • agşamlyk
  • agşammy
  • agşamy
  • agşamy-da
  • agşamydy
  • agşamyn
  • agşamyna
  • agşamynda
  • agşamyndan
  • agşamyny
  • agşamynyň
  • agşamyň
  • agşamyňyz