adamkärçilik at

[a:damkärçilik]

Adama mahsus bolan gowy gylyk-häsiýet, ynsançylyk.

  • Onuň görmekliligi, adamkärçiligi diýseň gaty artykmaçdyr. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Ýamany görüp, oňa göz ýummak, adamkärçilikden däldir. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem adamkärçilik - adamkärçiligi.


Duş gelýän formalary
  • adamkärçilige
  • adamkärçiligi
  • adamkärçiligi-de
  • adamkärçiligimizi
  • adamkärçiligine
  • adamkärçiligini
  • adamkärçiliginiň
  • adamkärçiligiň
  • adamkärçiligiňe
  • adamkärçilikden
  • adamkärçilikdir
  • adamkärçiliklem
  • adamkärçiliklerini
  • adamkärçilikli
  • adamkärçiliklilik
  • adamkärçiliksiz
  • adamkärçiliksizlige
  • adamkärçiliksizligini
  • adamkärçiliksizlik