[a:dam]
Geplemeklige we pikir alyşmaklyga, jemgyýetçilik zähmet prosesinde durmuş üçin serişde döretmeklige we ondan peýdalanmaklyga ukyby bolan ynsan.
Är.
Onuň adamsy gahrymanlarça gurban boldy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Otuz ýyl mundan öň, adamym bilen biz Türkmenistana gelipdik. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ulalyp ýetişmek.
Parasatly bolmak, akyllanmak.
Sen eýýäm adam bolupsyň. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ekläp-saklap ýetişdirmek, kemala getirmek.
Men olary adam etdim, indi öz islegime görä il sanyna-da bir goşaýyn, ondan soň keýpleri kellelerinde. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Äsgermezlik, adam hasap etmezlik.
Ýelliniň ony adam saýman aýdan sözi Wüşi gaharynyň öňündäki böwedini böwüsdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Gysganç adam.
Tiz gyzýan, gahary tiz gelýän adam.
Gaty edermen, batyr adam.
Bolgusyz, jinnekçi, maýdaçyl adam.
Mylaýym sözli, ýagşy gylykly adam.
Eli, aýagy ýok bolup ýa-da başga bir synasy agyr şikesli bolup, işe doly ýaramaýan adam.