[a:ba:tlyk]
Döwük-ýenjik dällik, bozuk dällik, ýerbe-ýerlik, abadanlyk, bitinlik.
Bentleriň we kanallaryň doly abatlykda saklanylmagy gerek. (Gadymy dünýä taryhy)
Parahatlyk, dynçlyk.
Biz abatlyk-parahatlyk isleýäris. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Duman deý syryldy, ýok gaýgy-gamyň, Halkyň abatlygy seniň ylhamyň. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem abatlyk - abatlygy.