Injik bilen buduň aşyk arkaly birleşýän bogny.
Çopan ol toklynyň aşyklygyndan tutup öweçläp barýardy.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem aşyklyk - aşyklygy.
[a:şyklyk]
Birini tüýs ýürekden söýmeklik, bir zada hyrydar bolmaklyk.
Wüşi kel Bahara öz aşyklygyny duýduryp, bir-iki sapar aşygana hat hem ýazypdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem aşyklyk - aşyklygy.