Art aýagyň injik süňki bilen but süňküni birleşdirýän we çagalaryň oýnaýan aýratyn bir formadaky süňki.
Ol işden eli sypynsa, öz deň-duşlary bilen uzyn gün aşyk oýnaýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Öýe gelemde işim aşyk, topaz oýnamak bolardy. (Myraly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem aşyk - aşygy.
Bagty getirmek.
[a:şyk]
Birini tüýs ýürekden söýen.
Basyp-da zyndana, ot berip derä, Aşyklar hamyndan tar eden kanun. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Bir zady söýüp hyrydar bolan.
Men ýaňlanýan süýji owaza aşyk! (M. Gorkiý, Eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem aşyk - aşygy.