[a:şmak]
Aňyrsyna geçmek, ötmek; ýol geçmek.
Nury diýer öňe gadam basýarsyň, Daglar aşyp, uzak ýollar kesýärsiň. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)
Basmak, argaşmak (mal hakda).
Galmak, ýokarlamak, gymmatlamak.
Bahasy bäş manatdan hem aşdy.
Gyrasyndan, erňeginden agmak (suwuklyk hakda).
seret aňka
Ýitgimiz ençe günläp aç-hor gezensoň, onuň halys aňkasy aşaýypdyr-ow! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Köp işe ýetişjek bolup aňkaň aşmak.