aşak a‧şak

[aşa:k]

  1. Düýp, ast. Aşagy çüýrän agaç.

  2. Kömekçi söz rolunda:

    • Suratyň aşagynda ussanyň zähmet ýeňişleri barada oçerk hem bardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Pes.

    • Kä ýyllar bolsa sowuk noldan aşak düşýär-de, ähli gowaçany sowuk urup, ýetişen körekleri ak patrak ýaly açyp gidýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Günbatar-demirgazyk tarap.

    • Şol wagt aşak gapdaldan hataryň ugruny syryp Annaguly gelýärdi. Bular aşak tarapa köçäniň ugry bilen deňje ýöräp gitdiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aşak - aşagy.

ýüzüni aşak salmak

Uýatly etmek, utandyrmak.

  • Ol ýüzüni aşak salyp otyr.


Duş gelýän formalary
  • aşaga
  • aşagy
  • aşagym
  • aşagyma
  • aşagymda
  • aşagymdan
  • aşagymy
  • aşagymyza
  • aşagymyzdaky
  • aşagyn
  • aşagyna
  • aşagynda
  • aşagyndady
  • aşagyndadyr
  • aşagyndaky
  • aşagyndan
  • aşagyndanam
  • aşagyndanmy
  • aşagyny
  • aşagynyň
  • aşagyň
  • aşagyňa
  • aşagyňy
  • aşagyňyza
  • aşakda
  • aşakdady
  • aşakdadyr
  • aşakdaky
  • aşakdakydyr
  • aşakdakylar
  • aşakdakylara
  • aşakdakylarda
  • aşakdakylardan
  • aşakdakylardy
  • aşakdakylardyr
  • aşakdakylary
  • aşakdakylaryndan
  • aşakdakylaryň
  • aşakdakyny
  • aşakdakyň
  • aşakdan
  • aşakdanmy
  • aşakdy
  • aşakdyr
  • aşaklar
  • aşaklarda
  • aşaklary
  • aşaklaryna
  • aşaklarynda
  • aşaklaryndan
  • aşaklaryny
  • aşaklaýyn
  • aşakly
  • aşaklyga
  • aşaklygy
  • aşaklygyna
  • aşaklygynda
  • aşaklyk
  • aşaklykdan
  • aşaklylygyny