[aňsa:t]
Ýeňil, ýönekeý, kyn däl.
Diňe dilde aňsat on put pagtany, Her gün ýygýan -- diýip, batyr aýtmak. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Ähli halkyň beýle guwanjyny gazanmak aňsat däldir.
Aňsat iş.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem aňsat - aňsady.