aňlatmak işlik

[a:ňlatmak]

  1. Düşündirmek, aňyna ýetirmek, bildirmek.

    • Köplenç wagtlarda bir düşünjäniň özüni dürli sözler bilen aňlatmak bolar. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)

  2. Many bermek.

    • Sesler belli bir tertipde gelip, many aňladýarlar.

  3. Duýdurmak, bildirmek, syzdyrmak.

    • Aman poşy özüniň razydygyny her sözünde aňladardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Hojaw, Artykowa seredip, bir zat diýjegini aňlatdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aňlatmak - aňladýar, aňladar, aňladypdyr.


Duş gelýän formalary
  • aňladalyň
  • aňladan
  • aňladanda
  • aňladandygy
  • aňladandygyna
  • aňladandygyny
  • aňladandyr
  • aňladanlary
  • aňladanok
  • aňladanymyzda
  • aňladanyň
  • aňladar
  • aňladardy
  • aňladarys
  • aňladyp
  • aňladypdyr
  • aňladypdyrlar
  • aňladýan
  • aňladýandygy
  • aňladýandygymyz
  • aňladýandygyna
  • aňladýandygyny
  • aňladýandyklary
  • aňladýandyklaryna
  • aňladýandyklaryny
  • aňladýandyr
  • aňladýandyrlar
  • aňladýanlar
  • aňladýanlara
  • aňladýanlygy
  • aňladýanlygyny
  • aňladýany
  • aňladýança
  • aňladýar
  • aňladýardy
  • aňladýarka
  • aňladýarlar
  • aňladýarmy
  • aňladýarmyka
  • aňladýarys
  • aňlatdy
  • aňlatdy-da
  • aňlatdylar
  • aňlatjak
  • aňlatjakdygyny
  • aňlatma
  • aňlatmaga
  • aňlatmaga-da
  • aňlatmagy
  • aňlatmagydyr
  • aňlatmagyn
  • aňlatmagyna
  • aňlatmagyndan
  • aňlatmagyň
  • aňlatmajak
  • aňlatmak
  • aňlatmakda
  • aňlatmakdan
  • aňlatmakdyr
  • aňlatmaklary
  • aňlatmaklaryna
  • aňlatmaklarynda
  • aňlatmaklyga
  • aňlatmaklygy
  • aňlatmaklygyň
  • aňlatmaklyk
  • aňlatmakçy
  • aňlatmalar
  • aňlatmalara
  • aňlatmalarda
  • aňlatmalardan
  • aňlatmalary
  • aňlatmalaryna
  • aňlatmalaryny
  • aňlatmalarynyň
  • aňlatmalaryň
  • aňlatmaly
  • aňlatmalydygyny
  • aňlatmalydyr
  • aňlatman
  • aňlatmany
  • aňlatmanyň
  • aňlatmasy
  • aňlatmasydyr
  • aňlatmasyna
  • aňlatmasynda
  • aňlatmasyndan
  • aňlatmasyny
  • aňlatmasynyň
  • aňlatmazlyga
  • aňlatmazlygyň
  • aňlatmazlyk
  • aňlatmaýan
  • aňlatmaýandygy
  • aňlatmaýandygyna
  • aňlatmaýandygyndan
  • aňlatmaýandygyny
  • aňlatmaýanlar
  • aňlatmaýanlygy
  • aňlatmaýar
  • aňlatmaýardy
  • aňlatmaýarlar
  • aňlatmaýarmy
  • aňlatsa
  • aňlatsa-da
  • aňlatsak
  • aňlatsalar