Alyp başga ýerde goýmak, bir predmeti bir ýerden ikinji bir ýere gozgamak, ýerini üýtgetmek, süýşürmek.
Ata tigriňi aňyrrak aýyr!
Üstünden sypyrmak, çykarmak.
Hoşgeldi daşky köýnegini aýryp, bir çetde duran oturgyçlaryň biriniň üstüne atdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Onuň papagyny aýryp gördüm. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Döwmek, owratmak, ýarmak.
Hatda odun aýyrmak ýaly agyr işleri-de oňa buýurýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Bäşim, bar, peje salar ýaly odun aýyr!
Boşatmak, çykarmak (işden, wezipeden).
Gulluk wezipesinden aýyrmak.
Matematika Bir sandan ikinji bir sany bölüp almak we üçünji bir san çykarmak hem-de şonda ulanylýan belgi.
Ondan bäşi aýyrmak.
Nika bozdurmak.
Gelni ärinden aýyrmak nämä gerek?
Hapadan saplamak, arassalamak.
Üweljek bugdaýy sowrup, hapasyny aýyrmak.
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem aýyrmak - aýrar, aýrypdyr.