Köpçülik düzgünine laýyk bolmadyk, ýigrenilýän iş, gelşiksiz, ýaramaz iş, günä, utanç.
Seniň bu nadanlygyň, Bilseň, köp aýyp ýeňňe. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)
Aglamak aýyp bolar. («Görogly» eposy)
Akmaga syryňny bermek, öz aýbyň açan ýalydyr. (Magtymguly)
Aýybyny aýdan uýalmaz. (nakyl)
Aýybyny ýaşyran aýňalmaz. (nakyl)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem aýyp - aýyby.