aýylganç a‧ýyl‧ganç

  1. Gorkunç, howply, eýmenç.

    • Örän aýylganç düýş gördüm. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Haýwanat bagynda aýylganç uly ýylan bar.

  2. Ýigrenji, erbet, pis.

    • Aýylganç yslar başyny aýlapdyr. (Myraly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem aýylganç - aýylganjy.


Duş gelýän formalary
  • aýylganjam
  • aýylganjy
  • aýylganjynyň
  • aýylgançdy
  • aýylgançlar
  • aýylgançlyga
  • aýylgançlygy