Bir zat hakda habar bermek, duýdurmak, diýmek.
Hakykaty aýtmak maňa, bu hakykaty diňlemek hem size, elbetde, agyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Bir zadyň alamatydyr -- diýip, men aýtmadymmy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Berdi jan, men kän aýtdym, Gireli diýip kolhoza. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Dostuň aýybyny ýüzüne aýt. (nakyl)
Ýerine ýetirmek.
Nazym umyt bilen aýdym aýdýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Gürrüň bermek, söhbet etmek, gürlemek.
Ertekileri aýtmak tehnikasy öňki we häzirki wagtda-da örän gyzykly meseledir. («Edebiýat»)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem aýtmak - aýdýar, aýdar, aýdypdyr.