aýrylmak işlik

  1. Çat açmak, jaýrylmak, ýarylmak.

  2. Gopmak, bölünmek, gaçmak.

    • Mikroblaryň we bedeniň weýran bolan öýjükleriniň aýrylmagy. (A. N. Kabanow, Adamyň anatomiýasy we fiziologiýasy)

  3. Başga ýere göçmek, üýtgemek, aýra düşmek, gitmek.

    • Şahyra ýaş çagalaryndan aýrylmak gaty agyr düşüpdir. («Edebiýat»)

    • Biz öňki ýaşaýan ýerimizden aýrylyp, şähere geçdik.

  4. Işden çykmak.

    • Ol işinden aýrylypdyr.

  5. Nika bozmak.

    • Ol aýal ärinden aýrylypdyr.

  6. Özbaşdak ýaşamak, aýratyn hojalyk gurmak.

    • Tagan özbaşyna hojalyk bolup, ene-atasyndan aýryldy.

  7. Aradan çykmak, ölmek.

    • Obamyzyň 90 ýaşly garrysy bardy welin, görgüli öten agşam aýrylypdyr.

  8. Çaga düşmek.

  9. Açylmak, gutulmak (kesel hakda).

    • Kelle agyrym aýryldy.