[aýraty:n]
Üýtgeşik, tapawutly.
Başga, özge.
Aýratyn dillerde geplejek-de biz, Bölünmeýän birdir dilmiz, göwnümiz. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Has, örän, juda.
Garry atasy Wepany aýratyn gowy görüp, ony özi bilen hemişe oba alyp gidýäni üçin, özünden uly doganlary oňa görübilmezçilik edýärdiler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Esasan.
Men ony aýratyn hem şu gün syzdym. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Özbaşdak.
Magtymgulynyň eserleri birnäçe gezek aýratyn kitap edilip çykaryldy.
Ýörite.
Nyýazbegden aýratyn hatlar hem getirip berdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýalňyz, ýeke, diňe.
Ol öz janyny aýratyn saňa ynanýar.