[a:ýnagonç]
Ýalpyldap duran gonçly, gonjy laklanan (ädik hakda).
Olaryň arasynda gyrmyzy donly, aýnagonç ädikli bir ýaş ýigit bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem aýnagonç - aýnagonjum, aýnagonjuň.