[a:ýna]
Kwars çägesini eretmek ýoly bilen alynýan dury jisim.
Emma birden penjiränin aýnasynyň ýüzünde ýeňiljek şygyrdy peýda boldy.
Bagda bir howuz bar, aýna dek suwy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Aýna işläp çykarýan zawod.
Arka ýüzüne syrça çalnan, ýüz görülýän esbap.
Emma öz keşbinden doýup bilenok, Aýnaň ýandan kowup aýryp bolanok. («Tokmak» žurnaly)
Asma aýna göni gapa garap dur. Bir gyzylly sagat bolsa ýöräp dur. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)
seret penjire
Başlygyň iş otagynyň iki sany aýnasy bardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Örän arassa, ýalpyldap duran, päkize.
Onuň öýüniň içi aýna ýalydy.
Anyk bilmek, açyk bilmek.
Ol bir ýigit bilen söýşüp giden däldir. Men şony aýnada gören ýaly bilýärin! -- diýip, Annagul gygyrdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)