[a:ýlyk]
Bir aýyň dowamynda çekilen zähmete döwlet tarapyndan tölenýän hak.
Hojamyrat aýda näçe aýlyk alýar? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Aýlaýyn, bir aýyň dowamy.
Sekiz aýlyk agyr günleri başyndan geçiren Aýna ertirden soň keteni geýip, şaýlanyp çykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem aýlyk - aýlygy.