[a:ýdyňlatmak]
Bellisini etdirmek, mälim etdirmek, anyklatmak, takyklatmak.
Diňe onuň pikirini aýdyňlatmak üçin özüne sowal berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem aýdyňlatmak - aýdyňladýar, aýdyňladar, aýdyňladypdyr.