aýaz a‧ýaz at

Güýçli gury sowuk, aňzak.

  • Kär edip bilmedi aýaz hem ýalyn, Serwimiz ýetirdi boýun hem inin. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Çapgyn aýaz degen ýerini kesip barýardy. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

  • Gar «ýagdy» diýip begenme-aýazy bardyr; işan «geldi» diýip begenme-nyýazy bardyr. (nakyl)

çakyr aýaz

Gury, ýiti aýaz, içiňden-bagryňdan geçip barýan sowuk.


Duş gelýän formalary
  • aýaza
  • aýazda
  • aýazdan
  • aýazdanam
  • aýazdyr
  • aýazlar
  • aýazlara
  • aýazlary
  • aýazlaryň
  • aýazly
  • aýazlydyr
  • aýazlyk
  • aýazlylyk
  • aýazsyz
  • aýazy
  • aýazyn
  • aýazyna
  • aýazynda
  • aýazyndan
  • aýazyny
  • aýazyň