[aýa:l-gy:z]
Aýal we gyz diýen manyda ulanylýan tirkeş söz.
Men şu ýerde aýal-gyzlaryň ýüzüni-gözüni baglap gelen bürenjegi başymdan sypyryp, ýeriň ýüzüne çalýaryn-diýdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Aýal-gyzlar barasynda bolsa onuň ýüregi örän ýukady, emma onuň utanjaňlygy tüýs uly gyzyňky ýalydy. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)