1 at

[a:ý]

  1. Astronomiýa Asman jisimi, Günüň şöhlesinden ýagty alýan planeta, hereketi boýunça Ýeriň hemrasy.

    • Aý dik asmana galanda, biz ýola düşüpdik. Aý dogsa, älem görer. (nakyl)

  2. Kalendar hasaby boýunça otuz günüň jemi, ýylyň on iki böleginiň biri.

    • Aýda gelsin, aman gelsin. (nakyl)

    • Biz bir aý praktikada bolduk.

aý agyllamak

Aýyň daşynda ak halka emele gelmek.

aý aýdyň

Ýagty.

  • Aý aýdyň aýazly gyş gijesi, kirşensiz asmanyň ýüzünde ýyldyzlar ýyldyraşýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

aý görjek ýaly seretmek

Garanjaklap siňe-siňe seretmek.

aý peri

seret peri

  • Göýä wada berip gypaýda gözüň, Ýarynyň elinden zülpi sypýardy, Aý peri gözüni ýene gypýardy. (G. Seýitliýew, Saýlanan goşgular)

aý tutulmak

Aýyň ýüzüne Ýeriň kölegesi düşmek.

aýyň bölegi

seret aý peri aý peri

  • Onuň aýyň bölegi ýaly ýüzüni, nogta gara saçlaryny, geýimlerini tozan basypdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

2 ümlük

Äsgermezligi, göwni ýetmezligi, ökünji, kanagatlanmazlygy aňladýan ümlük.

  • Aý, zyýany ýok-la! («Bahar»)

  • Aý, kesbiňden bereket tap-a! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Aý, men-ä bilmedim!


Duş gelýän formalary
  • aý-da
  • aýa
  • aýady
  • aýam
  • aýamy
  • aýda
  • aýdadyr
  • aýdaky
  • aýdamy
  • aýdan
  • aýdanam
  • aýdandyr
  • aýdanmyş
  • aýdy
  • aýdylar
  • aýdym
  • aýdymmy
  • aýdymmyka
  • aýdymy
  • aýdyr
  • aýdyň
  • aýdyňmy
  • aýlar
  • aýlara
  • aýlarda
  • aýlardaky
  • aýlardan
  • aýlardy
  • aýlardylar
  • aýlardyr
  • aýlary
  • aýlarydy
  • aýlarym
  • aýlaryn
  • aýlaryna
  • aýlarynam
  • aýlarynda
  • aýlaryndaky
  • aýlaryndan
  • aýlaryny
  • aýlarynyň
  • aýlarynyňky
  • aýlaryň
  • aýlaýyn
  • aýly
  • aýlydyr
  • aýlyga
  • aýlygam
  • aýlygy
  • aýlygym
  • aýlygymam
  • aýlygymdan
  • aýlygymy
  • aýlygymyz
  • aýlygymyza
  • aýlygymyzyň
  • aýlygymyň
  • aýlygyna
  • aýlygynda
  • aýlygyndan
  • aýlygyny
  • aýlygynyň
  • aýlygyň
  • aýlygyňa
  • aýlygyňdan
  • aýlygyňy
  • aýlygyňyzdan
  • aýlyk
  • aýlykda
  • aýlykdan
  • aýlynyň
  • aýlyň
  • aýmy
  • aýsyz
  • aýsyzlygy
  • aýsyzlygynyň
  • aýy
  • aýy-da
  • aýydy
  • aýydyr
  • aýym
  • aýyma
  • aýymda
  • aýymdan
  • aýymy
  • aýymyz
  • aýymyzdan
  • aýymyzy
  • aýymyň
  • aýyn
  • aýyna
  • aýynam
  • aýynda
  • aýyndaky
  • aýyndan
  • aýyny
  • aýynyň
  • aýynyňky
  • aýyň
  • aýyňky
  • aýyňyz
  • aýça