şykyrdatmak işlik

Şykyrdyly ses çykartmak, şykyrdyly seslendirmek.

  • Ellerini owkalap, barmaklaryny şykyrdadyp, gojanyň üstüne gygyrarly göründi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ol öňünde duran çäýnegiň gapagyny oýnap, şykyrdadyp dymdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şykyrdatmak - şykyrdadýar, şykyrdadar, şykyrdadypdyr.