şygyrdy

Bir zadyň başga bir zada degmeginden, sürtülmeginden we ş. m. döreýän pessaý ses.

  • Birdenkä golaýjakda şygyrdy eşidildi. (N. Jumaýew, Ak derek)

  • Meret küýki jöweniň şygyrdysyny geň görüp, ýoluň iki tarapyna hem ýaltaklap seredende, gyzyň köýnegini çalaja görüp galdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)


Duş gelýän formalary
  • şygyrda
  • şygyrdydan
  • şygyrdylar
  • şygyrdylara
  • şygyrdyly
  • şygyrdynyň
  • şygyrdysy
  • şygyrdysyndan
  • şygyrdysyny