[şu:]
Ýakyn aralygy ýa-da wagty aňlatmak üçin «bu» sözüniň manysynda gelýän görkezme çalyşmasy.
Otrýad aklar bilen güýç synanyşyp görmän, şu ýerden aýagyny hem ätmez! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ine, şu obada iki sany garyp dost maşgala ýaşaýardylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Şu günki serçe düýnki serçä jik-jik öwreder. (nakyl)