şorluk şor‧luk

[şo:rluk]

  1. Şor bolmaklyk, duzy barlyk, duzlulyk.

  2. Topragynyň düzüminde duz bar bolan ýer, şor toprakly giň meýdan.

    • Şorluklary ýok edip aňyrysyna göz ýetmeýän kartalar çekdik. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

    • Şorlukda öserdi çaýyr, ýylgynlar, Käte oňa çopan malyn kowardy. (A. Haýydow, Gök asman)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şorluk - şorlugy.


Duş gelýän formalary
  • şorluga
  • şorlugy
  • şorlugy-da
  • şorlugyna
  • şorlugyndan
  • şorlugyny
  • şorlugyň
  • şorlukda
  • şorlukdaky
  • şorlukdan
  • şorlukdyr
  • şorluklar
  • şorluklara
  • şorluklarda
  • şorluklardan
  • şorluklardyr
  • şorluklary
  • şorluklaryn
  • şorluklaryndan
  • şorluklaryny
  • şorluklaryň
  • şorlukly