şor şor

[şo:r]

  1. Tagamy duzly bolan, duzy artykmaç düşen.

    • Men şu gün şor balyk iýdim.

  2. Topary duzly bolan, düzüminde duz bar bolan.

    • Giň ýatan çarkandak meýdanyň käbir ýerleri şor ýerdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem şor - şorum, şoruň.

şor toýnak

Baran ýerinde bereket gaçýan, aýagy düşümli bolmadyk, kemrysgal.

  • Şor toýnak suwa gitse-de bir ýatymlyk künji ekmäge giden ýaly. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


Duş gelýän formalary
  • şora
  • şoradyr
  • şorda
  • şordaky
  • şordan
  • şordugyny
  • şordur
  • şorja
  • şorlar
  • şorlarda
  • şorlary
  • şorlaryň
  • şorludyr
  • şorluga
  • şorlugy
  • şorlugyna
  • şorlugyndan
  • şorlugyny
  • şorlugyň
  • şorluk
  • şorlukda
  • şorlukdan
  • şorlukdyr
  • şorlulygy
  • şorlulygyna
  • şorlulygynyň
  • şorlulyk
  • şorly
  • şormy
  • şorumy
  • şoruna
  • şorunda
  • şoruny
  • şorunyň
  • şoruň
  • şoruňy
  • şory