şermendelik

Şermendä has bolan gylyk-häsiýet, hereket, şermende bolmaklyk.

  • Äşebibi adynda hiçbir şermendelikden gaýtmaýan, gep gezdiregen, jedelkeş bir aýalyň baryny ol bilýärdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  • Gyjalaty, ary, utanjy bilmez. Şermendelik edip ýören ýaltadyr. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şermendelik - şermendeligi.


Duş gelýän formalary
  • şermendelige
  • şermendeligi
  • şermendeligiň
  • şermendelikden