Süýgüp duran, şepbeşmek häsiýeti bolan, ýelmeşegen.
Şepbeşik tüýkülik takyrjak ýere gyzaryp düşdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Wraçlar onuň gözüniň içini-daşyny ýuwup, ajy ýaşdan emele gelen şireleri, şepbeşik iriňi aýyrdylar. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem şepbeşik - şepbeşigi.