[şela:ýyn]
Ýalyňjaň, ýaranjaň, jögi.
Artyk onuň şelaýyn sözlerine düşündi-de, beter gyzdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýüreginde söýgüsi bolmadyk gyza hem özüňi söýdürjek bolup, şelaýynlyk ýa-da ýaramsaklyk etmegiň mekirlik boljakdygy düşnüklidir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)