[şa:tut]
Botanika Iri, uly ýaprakly tut agajy, balhy tut.
Şatutlar bar ýapraklary el ýaly, Belent baglar ösýär biziň ýerlerde. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem şatut - şatudy.