şatlyk şat‧lyk at

[şa:tlyk]

Adamyň göwnüniň göterilen ýagdaýy, şadyýanlyk duýgusy, begenç, guwanç.

  • Onuň ýüregini gaplap alan şatlyk ony ýylgyrmaga mejbur etdi. Onuň ýüzünde şatlyk tolkuny mese-mälim görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şatlyk - şatlygy.


Duş gelýän formalary
  • şatlyga
  • şatlygam
  • şatlygy
  • şatlygy-da
  • şatlygym
  • şatlygyma
  • şatlygymdan
  • şatlygymyz
  • şatlygymyzy
  • şatlygymyzyň
  • şatlygymyň
  • şatlygyn
  • şatlygyna
  • şatlygynda
  • şatlygyndan
  • şatlygyny
  • şatlygynyň
  • şatlygyň
  • şatlygyňmy
  • şatlygyňy
  • şatlyk-da
  • şatlykda
  • şatlykdan
  • şatlykdy
  • şatlykdyr
  • şatlyklary
  • şatlyklarymyz
  • şatlyklaryna
  • şatlyklaryndan
  • şatlyklaryny
  • şatlykly
  • şatlyklydy
  • şatlyksyz