şat şat

[şa:t]

  1. Keýpi kök, şadyýan.

    • Myradyň göwni şatdy, ruhybelentdi. (B. Seýtäkow, Saýlanan eserler)

    • Ol näme üçin hemişekisi ýaly şat däl. (J. Akyýew, Mergeniň ogly)

  2. Batly, gurply, ajaýyp.

    • Ol halkyma iň mähriban hossardyr, Ilim onuň bilen şat güne ýetdi. (R. Seýidow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şat - şadym, şadyň.

şat habar

seret habar

  • Ýoldaşyndan şat habar ýetişen adam begenjinden oňa diňe bir ganat baglap uçup bilmedi. («Tokmak» Žurnal)


Duş gelýän formalary
  • şady
  • şadym
  • şadymyz
  • şadyn
  • şadyndan
  • şadynyň
  • şadyň
  • şadyňa
  • şadyňdan
  • şat-da
  • şatda
  • şatdy
  • şatdygy
  • şatdygymy
  • şatdygyny
  • şatdygynyň
  • şatdygyňyzy
  • şatdym
  • şatdyr
  • şatlyga
  • şatlygam
  • şatlygy
  • şatlygym
  • şatlygyma
  • şatlygymdan
  • şatlygymyz
  • şatlygymyzy
  • şatlygymyzyň
  • şatlygymyň
  • şatlygyna
  • şatlygynda
  • şatlygyndan
  • şatlygyny
  • şatlygynyň
  • şatlygyň
  • şatlygyňmy
  • şatlygyňy
  • şatlyk
  • şatlykda
  • şatlykdan
  • şatlykdy
  • şatlykdyr
  • şatmyş