şarpyk şar‧pyk

  1. seret şapbat

    • Pälwan bolsa ogluna şu wagta çenli bir şarpyk çalan dam däldi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Ol Myratgeldä bir şarpyk çaldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Ol eýlesine aýlananda şarpyk beýlesine öwrülen-de ýumruk degdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Göçme manyda Urgy, zarba, kötek. Temmi.

    • Indi eger agzalalyk bolaýsa, şarpygyň köpüsiniň özüne degjegini aňlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şarpyk - şarpygy.

şarpyk datmak

  1. Urulmak.

  2. Kötek iýmek, güýçli temmi berilmek.


Duş gelýän formalary
  • şarpygy
  • şarpygyna
  • şarpygyndan
  • şarpygyny
  • şarpygynyň
  • şarpygyň
  • şarpyklar
  • şarpyklary
  • şarpyklaryndan