Şapyrdyly ses çykartmak, şapyrdyly ses etdirmek.
Ol edil unaş içýän ýaly edip ýagly palawy şapyrdadyp iýýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Palçykly gumy şapyrdadyp oklaýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Uzak günüň ýadawlygy, ýoluň tebsiretmegi ter gawuny şapyrdadyp iýmeklerine mejbur etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem şapyrdatmak - şapyrdadýar, şapyrdadar, şapyrdadypdyr.