şapbyldatmak işlik

Şapbyldyly ses çykartmak, şapbyldyly ses etdirmek.

  • Ol agzyny şapbyldadýan wagtynda: -- Etiň tagamyny hakykatdan-da möjek bilýän eken! -- diýip tassyklaýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Wüşi kel agzyny şapbyldadyp gürrüň berdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.

Meselem şapbyldatmak - şapbyldadýar, şapbyldadar, şapbyldadypdyr.

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.