şakyrdyk

Käbir mallary gaçyrmak üçin, guýrugyna dakylýan köne-söne, döwük-ýenjik şakyrdaýan zat.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.

Meselem şakyrdyk - şakyrdygy.

şakyrdyk dakmak

Gaçyp gitmäge mejbur etmek, kowmak.

  • Ýeňsesine şakyrdyk dakylan, masgaralanyp kowlan kime gerek. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.