şakyrdy

  1. Daş, demir we ş. m. zatlaryň bir bada biri-birine batly degmeginden döreýän gaty sesi aňladýan söz.

    • Biline gowanyň bagy oralan ýogyn pürs durdugyça batlanyp aýlanýardy, onuň şakyrdysy jaýlara düşüp ýaňlanýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Şol wagt komandiriň ozal barlap gözden geçiren içki tamynda uly bir şakyrdy boldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Göçme manyda Eýläk-de-beýläk edilýän hereket, galmagal, zenzele.

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.