Şakyrdyly ses çykartmak, şakyrdyly ses etdirmek.
Bahar! -- diýip, ýapyk işigi itekläp şakyrdatmaga başlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Başlyk telefonyň trubkasyny şakyrdadyp goýdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem şakyrdatmak - şakyrdadýar, şakyrdadar, şakyrdadypdyr.