şakyr-şukur

  1. Şakyrdap çykýan ses, şakyrdy.

    • Mikola hem bu şakyr-şukura oýanyp gaýdyp ýatmady. (H. Ysmaýylow, Powestler)

    • Kuhnýadaky şakyr-şukur bir eýýäm diňipdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Tizlik bilen, şark-şurk, çalasyn, eglenmän.

    • Telpegini silkip, kellesine geýdi we şakyr-şukur işigi açdy-da, çykdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Ownuk-uşak zatlar, goş.

    • Gylyç mergen guşagyna öňki şakyr-şukurlarynyň üstüne uran guşlaryny düzüşdirerdi. (A. Gowşudow, Eserler)

    • Şakyr-şukurlary dakyşdyryp, iki aýakly hyrly tüpeňini hem egninden asardy-da, garşydaky daga dyrmaşyp giderdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.