şah1

  1. Käbir haýwanlaryň kelle baldagynyň gapdallaryndan gögerýän çybyk, ösüntgi.

    • Düzüm-düzüm gozalar gowaçalaryň şahalaryny aşak egipdirler. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • Bir gün kakaň alma şetdaly sapdy, Ýene bir şahasyna garaly sapdy. (A. Haýydow, Gök Asman)

  2. Işiň, ylmyň, önümçiligiň belli bir pudagy, ugry, bölümi.

    • Ylmyň aýry-aýry şahalary, dürli-dürli pudaklary boýunça kadrlar ösüp ýetişýärler.

  3. Bir zadyň bölünip gidýän ugry, gol, bölek.

    • Jaryň şu iki şahasynyň gündogarkysynyň sag kenarynda lüň bardyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.