şadyýanlyk şa‧dy‧ýan‧lyk

[şa:dyýa:nlyk]

  1. Keýpi köklük, şähdaçyklyk, şat göwünlilik, şatlyk.

    • Men nähili şadyýanlyk bilen bu öýe geldim. (G. Muhtarow, Pýesalar)

  2. Şatlyk, dabara.

    • Kolhozçylar gök gowaçalaryň içinde şadyýanlyk bilen otag otaýardylar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Goý, onuň maslygynyň üstünde şagallar şadyýanlyk etsinler! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Bu ne şadyýanlyk! Bu ne ajap iş! (B. Kerbabaýew, Aýlar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem şadyýanlyk - şadyýanlygy.


Duş gelýän formalary
  • şadyýanlyga
  • şadyýanlygam
  • şadyýanlygy
  • şadyýanlygyny
  • şadyýanlygyň
  • şadyýanlykda
  • şadyýanlykdy
  • şadyýanlykdyr